BAE-niň roweri 30-njy noýabrda Kanaweral burnundan Aýa tarap ugrar

  • 25.11.2022 23:45
  • 6.4k+

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 30-njy noýabrda «Raşid» lunohodyny ABŞ-daky Kanaweral burnundan uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Muhammed ben Raşidiň Kosmiki merkezi habar berdi.

“BAE-niň birinji aý missiýasyny ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmiki güýçleriniň bazasyndan goýbermegiň täze senesi 30-njy noýabra bellendi” – diýip, merkeziň Twitterde ýerleşdiren habarynda aýdylýar. Şol bir wagtda apparatyň goýberiljek senesi howa şertleri we beýleki ýagdaýlar bilen bagly üýtgedilip bilner.

Öň roweri Aýa 28-nji noýabrda ugratmak meýilleşdirilipdi. 13-nji oktýabrda merkez roweri synagdan geçirmegiň tapgyrlarynyň tamamlanandygy we onuň uçuşa taýýardygy hakynda habar beripdi. GulfNews gazetiniň berýän habaryna görä, Muhammed ben Raşidiň Kosmiki merkeziniň hünärmenleriniň topary eýýäm Florida ştatynyň Jon Kennedi adyndaky Kosmiki merkezine geldi.
Apparat Aýa söwda maksatly we hökümet ýükleriniň bir toparyny, şol sanda iki sany roweri eltmeli. Aýa çenli uçuş bäş aý töweregi wagt alar diýip garaşylýar.


14.06.2026 16:13
5.4k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....