Neýmar dünýä çempionatynyň birinji duşuşygynda topugyndan şikes aldy

  • 25.11.2022 13:09
  • 16k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Serbiýa garşy oýunda topugyndan şikes aldy. Bu barada Braziliýanyň ýygyndysynyň lukmany Rodrigo Lesmar habar berdi. Onuň sözlerini Globo Esporte brazil portaly getirýär.

Duşuşyk braziliýaly futbolçylaryň 2:0 ýeňşi bilen tamamlandy. Neýmar 79-njy minutda çalşyryldy.

«Neýmaryň sag topugy şikeslendi. Çiş emele geldi, biz ony ätiýaçdaky oýunçylaryň oturgyjyndaka bejerip başladyk. Indi, has anyk netije almak üçin 24-48 sagat garaşmaly» — diýip Lesmar aýtdy.

Neýmar 30 ýaşynda, milli ýygyndynyň düzüminde ol 121 oýunda 75 gol geçirdi.
Braziliýa indiki oýnuny 28-nji noýabrda Şweýsariýa garşy geçirer.


şu gün 10:24
905

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......