Ispaniýa Dünýä çempionaty — 2022-de Kosta-Rikany 7:0 hasap bilen ýeňdi

  • 24.11.2022 00:42
  • 9.2k+

Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ispaniýanyň futbolçylary Kosta-Rikany 7:0 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdiler.

Ispan ýygyndysynyň düzüminde Ferran Torres dubl etdi (31-nji minutda pen., 54-nji min.). Bir goldan Dani Olmo (11), Marko Asensio (21), Gawi (74), Karlos Soler (90) we Alwaro Morato (90+2) geçirdi.
Ispaniýa Germaniýany ýeňen Ýaponiýa bilen bilelikde E toparyň başyny çekýär, olaryň hersinde 3 utuk bar.
Ikinji tapgyrda Ispaniýa Germaniýa bilen, Kosta-Rika bolsa Ýaponiýa bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 27-nji noýabra meýilleşdirildi.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......