Messi taryhda dört dünýä çempionatynda gol geçiren ilkinji argentinaly oýunçy boldy

  • 23.11.2022 13:24
  • 15k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi dünýä çempionatlarynda milli toparyň rekordyny goýdy. 

Katarda DÇ-2022-niň Saud Arabystanyna garşy oýnunyň birinji ýarymynda ol jerime urgusyny geçirip, dört DÇ-de gol salmagy başaran ilkinji argentinaly oýunçy boldy.
Mundan öň Messi 2006, 2014 we 2018-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda gol geçirdi.
Öň bu rekord Diego Maradona we Gabriel Batistuta degişlidi, olaryň her biri üç dünýä çempionatynda gol salypdy.
Belläp geçsek, Argentina Saud Arabystany bilen duşuşykda 1:2 hasabynda ýeňildi.


şu gün 11:59
1.1k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

şu gün 11:45
1.3k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...

şu gün 11:25
1.8k+

“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy

“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy...

şu gün 09:24
859

Ýohannes Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda 100 ýeňşe ýeten ilkinji lyžaçy boldy

Norwegiýaly lyžaçy, bäş gezek Olimpiýa çempiony Ýohannes Klebo lyža ýaryşlary boýunça dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Türgen Norwegiýanyň Tronheým şäherinde geçirilen möwsümiň ikinji tapgyrynda klassyk stildäki sprint ýaryşynyň finalynda ýeňiji boldy...