Ýaponiýadaky Garrylar öýi üç ýaşa çenli çagalary «işe» alýar

  • 22.11.2022 16:28
  • 15k+

Ýaponiýanyň Garrylar öýi özboluşly işgärleri — üç ýaşa çenli çagalary işe alýar diýip, «MIR 14» habar berýär.

Öz hossarlygyndakylara edilen gözegçiliklerden soň bu edaranyň ýolbaşçylarynda şeýle täsin pikir döredi. Körpejeleri gören garrylaryň sözüň doly manysynda gül açýandygyny görenlerinde olar çagalar üçin iş orunlaryny açmagy makul tapdylar. Şondan bäri garrylaryň ýüzünde ýygy-ýygydan ýylgyryşy we gözlerinde mähirden döreýän gözýaşlary görmek bolýar. Täsin işgärleriň özleriniň hem aýratyn gadry bilinýär — olara arlyklar we süýt görnüşinde aýlyk haky tölenýär.

«Körpeje işgärlerimiziň iş güni kadalaşdyrylmadyk. Olar işe keýpi çag wagtlary ýa-da ejeleriniň eliniň degen wagty gelip bilýärler. Körpeler üçin aňrybaş şertler döredilen. Garbanar ýaly kafe-de bar. Elbetde, amatly oýun meýdançasynyň hem boljagy öz-özünden düşnükli» — diýip, Garrylar öýüniň direktory Gondo Kimiýe gürrüň berýär.


22.06.2026 23:12
4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....