Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabidäki Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi

  • 22.11.2022 16:21
  • 19k+

«Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň maksatnamasyny Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Şeýh Zaýed metjidine baryp görmek bilen jemledi. BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanyny metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň aramgähine baryp, aýat-töwir okalandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Ýusef Al Obaidli belent mertebeli türkmen myhmanyna metjitde ýazylan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy we onda oturdylan äpet lýustralar barada giňişleýin gürrüň berdi. Döwlet Baştutany metjidiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidine beýleki dinleriň wekillerine hem girmäge rugsat berilýändigi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Umumy meýdany 22 müň inedördül metre deň bolan metjidiň dört burçunda beýikligi 107 metre ýetýän dört  sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir. Ol bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär.
Ýeri gelende bellesek, agramy 47 tonna bolan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy hem-de agyrlygy 12 tonna deň bolan dünýäniň iň uly lýustralarynyň biri Şeýh Zaýed metjidini bezeýär. Gurluşygy 12 ýyllap alnyp barlan bu metjit ýurduň ýaşaýjylarynyň we dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.


şu gün 12:01
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

07.04.2026 07:30
7.6k+

Bol hasylyň ugrunda: Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly sebitlerde dowam edýän ýazky meýdan işlerine we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan iş maslahatyny......

04.04.2026 00:07
9.2k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerine seretdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi diýip,......

03.04.2026 14:35
1.4k+

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......