Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabide ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

  • 22.11.2022 10:12
  • 9.1k+

Abu-Dabide saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary barada anyk teklipler beýan edildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen geçirilen duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwlete şu günki saparyna ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde öňe tarap ädilen taryhy ädim hökmünde garaýandygyny belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler hem-de geljekki mümkinçilikler barada garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň BAE-niň nebitgaz pudagynda iş alyp barýan öňdebaryjy şereketleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Döwlet Baştutany BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. Hususan-da, olar Birleşen Arap Emirlikleriniň «Mubadala» şereketi bilen iri nebitgaz taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri ýola goýmakdan, maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň deňiz port ulgamyna girizmek maksady bilen, Abu-Dabiniň Halkara porty bilen hyzmatdaşlygy goldamakdan, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işine itergi bermekden ybaratdyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sport, atçylyk we atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, atçylyk sportunyň marafon hem-de konkur görnüşleri, weterinariýa, halkara derejede at çapyşyklaryny guramak ýaly meselelere aýratyn ähmiýet bermegi teklip etdi. 
Duşuşyklarda bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň, milli we sebitleýin bähbitleriň amala aşyrylmagy üçin bolşy ýaly, ählumumy ykdysadyýet üçin hem örän ähmiýetlidigi nygtaldy.


düýn 12:09
6.4k+

Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

düýn 12:05
5.8k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bitirilen işleriň netijeleri jemlendi......

16.04.2026 22:10
8.9k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň......

16.04.2026 14:57
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi....