Abu-Dabi duşuşygynyň jemleri: 13 resminama gol çekildi

  • 21.11.2022 22:37
  • 11k+

«Şu gün Abu-Dabide Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin düzümdäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Dostlukly ýurduň Prezidentiniň köşgüniň uly mejlisler zalynda geçirilen gol çekmek dabarasynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Umuman, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi.

Şolaryň hatarynda
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu Dabi ösüş gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy;
Kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Kiberhowpsuzlyk geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe ministrliginiň arasynda fiskal we tehniki meseleler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Abu Dhabi Port Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Company — Masdar» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyk bar. 


düýn 22:55
679

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......