Jokowiç ATP-niň Jemleýji turnirinde ýeňiş gazandy we Federeriň rekordyny gaýtalady

  • 21.11.2022 22:30
  • 4.5k+

Serb türgeni Nowak Jokowiç Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) Turinde geçen Jemleýji turnirinde norwegiýaly türgen Kasper Ruuddan üstün çykdy.

Duşuşyk 7:5, 6:3 hasap bilen tamamlandy.
ATP-niň reýtinginde  Jokowiç sekizinji orunda durýar, Ruud bolsa dördünji ýeri eýeleýär.
Serb tennisçisi ATP-niň Jemleýji turnirlerinde gazanan titullarynyň sany boýunça şweýsariýaly türgen Rojer Federeriň rekordyny gaýtalady, ol ýaryşda altynjy gezek ýeňipdi. Amerikaly türgen Pit Sampras bilen çeh türgeni Iwan Lendl hersi bäş gezekden turniriň ýeňijileri boldular.
ATP-niň Finals-2022 baýrak gaznasy rekord 14 mln 750 müň dollardan ybarat. Ondan Jokowiçe ýeňiji hökmünde 4 mln 740 müň 300 dollar ýetdi. Munda turnirde ýeňlişiniň ýokdugynyň bonusy göz öňünde tutulan. Ýogsam, türgen 2 mln 200 müň dollar töweregi pul almaly bolardy.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....