Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabide Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy

  • 21.11.2022 16:27
  • 13k+

21-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikler geçirdi.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda, giňişleýin düzümdäki ikitaraplaýyn geçirilen gepleşikleriň dowamynda, türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli hem-de depginli ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda Türmenistanyň we BAE-niň arasyndaky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigi nygtaldy.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýokary derejedäki türkmen-emirlik gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra ýokary derejedäki ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmagyň barşynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň netijeli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýady goýandyklary bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....