Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine ilkinji sapary başlandy

  • 21.11.2022 14:27
  • 14k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Habarda nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanynyň sapary mynasybetli Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň «Prezident» terminalynyň hormatly myhmanlar zalynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.
Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra alşyljak ikitaraplaýyn resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň 60-dan gowragynyň üstüni ýetirer. Günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurduň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.


düýn 22:55
679

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......