Ýerden üçege çenli ähli zat, hatda oýnaljak top hem...

  • 19.11.2022 14:27
  • 36k+

Ertir, 20-nji noýabrda Katarda futbol boýunça 22-nji dünýä çempionaty badalga alýar. Çempionatyň açylyş duşuşygynda Katar bilen Ekwador duşuşar. Baş baýrak ugrunda jemi 32 sany milli ýygyndy ýaryşar. Bu Katardaky dünýä çempionatynyň aýratynlyklarynyň biri, çünki eýýäm 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna 48 sany milli ýygyndy gatnaşar.

Toparlaýyn tapgyrda 32 sany milli ýygyndy dört dörtden 8 topara bölündi. Garşydaşlar üç oýundan oýnarlar. Toparlaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelänler pleý-off tapgyryna çykarlar.
Katarda geçjek futbol boýunça dünýä çempionaty özüniň täsinlikleri bilen haýran galdyrýar. «Ýerden üçege çenli ähli zat boýdan-başa, hatda oýnaljak top hem iň kämil «akylly» tehnologiýalar esasynda taýýarlanyldy. Oýun we türgenleşik meýdançalary, olara eltýän ýollar we ýanýodalar, janköýerleriň ýaşajak, gezjek, görjek ýerleriniň her sere ýeri diýen ýaly sungat derejesinde kämil gurnaldy.
Ähli infrastruktura döwrebaplygy, daşky bezegi hem-de gurluşy babatda täsin oýlap tapyjylykly pikirlere baýdyr. Bina edilen her bir zada juda döredijilikli çemeleşildi. Tehnikanyň ösen mümkinçiliklerini doly derejede diýen ýaly peýdalanyljak Katardaky bu ýaryş futbol boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda iň naýbaşy we döwrebap çempionat bolar» diýip, Kataryň Al-Jazeera saýty habar berýär. 
Saýtda ýazylmagyna görä, oýun meýdançalarynyň degre-daşyny dolduryp duran kameralar eminleriň oýna adalatly baha bermegini hem üpjün eder. Mahlasy, Katar döwletinde futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionaty diňe bir gyzykly oýunlary bilen däl, eýsem adam aňynyň döredijilikli gözellikleri, täsinlikleri bilenem tanyşmaga mümkinçilik berer.


düýn 23:46
785

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......