Infantino FIFA-nyň prezident wezipesine ýeke-täk dalaşgär boldy

  • 19.11.2022 13:59
  • 6.8k+

Janni Infantino Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezident wezipesine ýeke-täk dalaşgär boldy. Bu barada FIFA-nyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Saýlawlar üçin arza tabşyrmagyň möhleti 17-nji noýabrda tamamlandy. Saýlawlar 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Kigali şäherinde (Ruanda) boljak guramanyň nobatdaky kongresinde geçiriler. Infantino FIFA-nyň geljekki prezident saýlawlaryna dalaşgärligini hödürleýändigini 31-nji martda habar berdi.
Infantino 2016-njy ýylyň fewral aýynda nobatdan daşary kongresde guramanyň prezidenti saýlandy. Bu wezipede ol guramadaky köp sanly korrupsiýa dawalaryndan soň işden çekilen şweýsariýaly Ýozef Blatteriň ornuny çalyşdy. 2019-njy ýylyň iýun aýynda Infantino Pariždäki kongresde FIFA-nyň prezident wezipesine gaýtadan saýlandy. Şonda saýlawlar alternatiwasyz esasda geçirildi.
Infantino 52 ýaşynda. 2000-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginde (UEFA) işledi. Bu guramadaky işiniň soňky ýedi ýylynda Infantino UEFA-nyň Baş sekretary wezipesini eýeledi.


şu gün 10:53
2.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.3k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......