Samsung Galaxy A54 Galaxy S23-iň bezegine eýe bolar

  • 17.11.2022 17:46
  • 27k+

Onleaks niki bilen tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer (Steve Hemmerstoffer) Samsung-yň geljegi bar ortabaha Galaxy A54 modeliniň oňat hilli şekilini çap etdi. Uly şekilde görkezilen modeliň haýsy modeldigini birbada aňşyrmak kyn: Galaxy S23-mi ýa  Galaxy A54?

Şol insaýderem owal Galaxy S23-iň renderlerini Tora goýupdy. Eger iki telefonuň suratlaryny degşirip goýsaň, dessine olaryň ekiztaýy ýalydygyna düşünýärsiň: kameralary, gapdal gyralary birmeňzeş bezelen, ekranlary ortasyndan kesilen öň tarap kameraly. Galaxy A54-iň displeýiniň çarçuwasynyň inlidigi göze ilýär diýäýmeseň, galan ýeriniň bezeg babatda tapawudy ýok. 
Ynha häsiýetnamalarynda welin, eslije tapawut bar. 
Samsung Galaxy A54-e diagonaly 6,4 dýumlyk, Full HD+ razreşeniýeli we kadr tizligi 120 Gs bolan AMOLED ekrany degişli edýärler. Şeýle-de gurluşda sygymy 5000 mA.s bolan akkumulýator, esasy kameranyň düzüminde 50 megapiksellik şekil datçigi, SoC Exynos 7904 we 6-12 GB OZU bar diýip çaklanylýar. OC hökmünde, One UI 5.1 interfeýsli Android 13 çykyş edýän bolara çemeli.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...