“Formula-1-iň” ilkinji resmi sergisi 2023-nji ýylda Madridde geçiriler

  • 16.11.2022 22:57
  • 2.4k+

“Formula-1” 2023-nji ýylyň mart aýynda Madridde geçiriljek ilkinji resmi sergisine taýýarlyk görýär. Ekspozisiýa 4 aý töweregi açyk bolup, doly derejede çempionatyň taryhyna, onuň legendalaryna we rekordlaryna, ähli toparlara we dünýäniň iň meşhur ýaryşynyň beýleki taraplaryna bagyşlanar diýip, c-sport.info habar berýär.

Guramaçylar çäräniň saýtyny işe girizdiler we onda Madridde geçiriljek sergi üçin petekleriň deslapky satuwynyň 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda başlajakdygy aýdylýar. Olar myhmanlara taryhda ilkinji gezek görkeziljek birnäçe eksponatyň garaşýandygyny belleýärler.
“Formula-1-iň geçmişini, şu gününi we geljegini başdan geçiriň!” – diýlip, portalda aýdylýar.
“Formula-1-iň” hyzmatdaşy bolup sergi işine ýöriteleşýän Round Room Live kompaniýasy çykyş etdi. Olar sergini geçirmek üçin 6 sany aýratyn ýörite enjamlaşdyrylan zaly gurnarlar, bezegiň üstünde bolsa dünýä belli suratkeşler we dizaýnerler işlär.
Şeýle-de, serginiň myhmanlaryna “Formula-1-iň” dünýäsine wirtual syýahat etmek mümkinçiligi hödürlener.


düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.1k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....