Türkmen türgenleri Ankarada geçiriljek agyr atletika boýunça Halkara ýaryşa gatnaşar

  • 15.11.2022 13:28
  • 13k+

15-nji noýabrda Ankarada Naim Suleýmanoglunyň hatyrasyna agyr atletika boýunça Halkara ýaryş başlanýar. Bu ýaryşa ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ussat türgenleri hem gatnaşar.

Türkiýäniň agyr atletika federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryş Pursaklar sport toplumynda guralyp, üç gün dowam eder. Onuň açylyş dabarasy ýerli wagt bilen sagat 14:00-a meýilleşdirilýär. Bu ýaryşa jemi 16 döwletden 72 türgen gatnaşar.
Ýaryşyň guraýjysy bolup Türkiýäniň agyr atletika federasiýasy bilen Pursaklar etrabynyň häkimligi bilelikde çykyş edýär. Türkiýeli we türkmenistanly türgenlerden başga-da, ýaryşda Fransiýa, Kosowa, Özbegistan, Daniýa, Belgiýa, Albaniýa, Azerbaýjan, GFR, Sloweniýa, Ispaniýa, Bosniýa we Gersegowina, Niderlandlar, Eýran we Saud Arabystany ýaly ýurtlardan hem agyr atletikaçylar çykyş eder.
Belläp geçsek, ençeme gezek dünýä, Ýewropa we Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolan Naim Suleýmanoglu agyr atletikanyň legendasy hasaplanylýar. Türkiýeli türgen 46 dünýä rekordyny goýdy, ol agyr atletika boýunça üç gezek Olimpiýa çempiony, Ýewropa çempiony, ýedi gezek dünýä çempionydyr.
Türgen 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda 50 ýaşynda aradan çykdy.


30.05.2026 08:45
8k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.2k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 15:19
2.7k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......