UFC Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasyndaky söweşi yglan etdi

  • 14.11.2022 18:27
  • 29k+

Absolýut söweş çempionaty (UFC) resmi Telegram kanalynda ýeňil agramda guramanyň çempiony titulynyň eýesi, garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew bilen ýarym ýeňil diwizionda çempion hem-de agram kategoriýasyna garamazdan UFC-niň reýtinginiň lideri awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiniň arasynda söweş geçiriljekdigini habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Söweş 2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Awstraliýanyň Pert şäherinde UFC 284 turniriniň çäginde geçiriler.
22-nji oktýabrda Mahaçew Abu-Dabide geçirilen UFC 280 turnirinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany möhletinden ir ýeňip, ýeňil agramda promouşeniň täze çempiony boldy. Oliweýra bilen bolan söweşden soň UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow Wolkanowskä Mahaçew bilen söweşmegi teklip etdi. Awstraliýaly türgen Nurmagomedowyň çagyryşyny kabul etdi.
Ýeňiş gazanan halatynda Wolkanowski promouşeniň taryhynda bäşinji iki agramdaky çempion bolar. Öň bu üstünlige Konor Makgregor, Deniel Kormýe, Amanda Nunis we Genri Sehudo ýetmegi başarypdy.


düýn 23:43
5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......