Serhio Ramos Katardaky dünýä çempionaty üçin Ispaniýanyň düzümine alynmady

  • 14.11.2022 13:54
  • 14k+

«Pari Sen-Žermen» fransuz futbol klubunyň goragçysy Serhio Ramos Katarda geçiriljek dünýä çempionaty-2022 üçin Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzümine girmedi.

Düzüme giren oýunçylaryň sanawy Ispaniýanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.
36 ýaşly Ramos dört dünýä çempionatynda çykyş edip, olaryň birinde (2010-njy ýyl) ýeňiş gazandy. Şeýle-de, ol iki gezek Ýewropa çempionydyr (2008, 2012).
Ramos klub karýerasynyň esasy bölegini Madridiň “Realynyň” düzüminde geçirdi, onuň bilen bäş gezek Ispaniýanyň çempionatyny, dört gezek Ispaniýanyň Super kubogyny, UEFA-nyň Çempionlar ligasyny, Klublaýyn dünýä çempionatyny, üç gezek UEFA-nyň Super kubogyny, iki gezek Ispaniýanyň kubogyny utdy.
“PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatynda we Super kubogynda bir gezek ýeňiş gazandy.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....