Apple-iň kapitalizasiýasy bir günde 191 mlrd dollara çykdy

  • 14.11.2022 13:46
  • 7.6k+

Amerikanyň Apple korporasiýasynyň bazar bahasy oktýabr aýynda ABŞ-da puluň hümmetiniň gaçyşynyň haýallamagy sebäpli, penşenbe güni rekord 191 mlrd dollara çykdy. Bu barada anna güni Business Insider portaly habar berdi. 

Portalyň görkezişi ýaly, kompaniýanyň paýnama kapitalynyň bahasynyň şeýle çalt, bir günüň içinde 8,9%  ýokarlanmagyna, inflýasiýa hakyndaky täzelikden hem başga, ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň göterim goýumynyň ýokarlanyşynyň depgininiň haýallamagy babatda bazaryň gatnaşyjylarynyň tamasy hem täsirini ýetirdi. Korporasiýanyň umumy bazar bahasy onuň "amerikan kompaniýasy üçin bir günki rekord" ösüşiniň netijesinde penşenbe güni 2,3 trln dollardan geçdi, netijede Apple "dünýä biržasynda kotirlenýän iň gymmat firma" boldy diýip, portal takyklaýar.   
Penşenbe güni Amerikanyň Zähmet ministrligi ABŞ-da sarp edijileriň bahalary oktýabryň jemleri boýunça ýyl hasabynda aňladylanda 7,7% ýokarlandy. Bir aý mundan öň agzalan görkeziji 8,2% derejesindedi.  
Apple 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde Stiw Woznýak we Stiw Jobs tarapyndan esaslandyrylypdy. Kärhanany maliýeleşdirmek üçin Jobs öz awtoulagyny , Woznýak bolsa - gymmat kalkulýatoryny satýar. Bu gün kompaniýa iPhone smartfonlaryny, iPad planşetlerini, iMac kompýuterlerini, MacBook noutbuklaryny we beýleki ýokary tehnologiýaly tehnikalary öndürýär. Ştab-kwartirasy amerikan Kupertinosynda (Kaliforniýa ştaty) ýerleşen korporasiýa dünýäde iň irileriň biri hasaplanýar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......