TikTok mahabat girdejileri boýunça çaklamasyny $2 mlrd peseltdi

  • 13.11.2022 12:17
  • 6.2k+

ByteDance hytaý kompaniýasyna degişli bolan TikTok sosial ulgamy 2022-nji ýyl üçin mahabat girdejileri baradaky çaklamasyny, takmynan, 2 mlrd dollar peseltdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, forbes.kz belleýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, TikTok-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Şou Szy Çu sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen ýygnakda işgärlere programmanyň 2022-nji ýyl üçin mahabat girdejileri boýunça çaklamasyny 12 mlrd dollardan 10 mlrd dollara çenli peseldendigini habar berdi.
Muny ulgamyň hem mahabat boýunça, hem e-commerce sektorynda satuw meýilnamasynyň ýerine ýetirilmändigi bilen baglanyşdyrýarlar, sebäbi bular platformanyň esasy girdeji çeşmeleri hasaplanylýar. Käbir işgärler bolsa TikTok-yň ýolbaşçylygynyň beýleki ugurlarda, mysal üçin, kiçi wezipelerdäki işgärleriň zähmet hakyny ýokarlandyrmak, uly korporatiw çäreleri geçirmek bilen has köp pul harç edendigini habar berýärler.
TikTok-yň ýolbaşçylygy bu maglumata teswir bermekden ýüz öwürdi. Ulgamyň garaşylýan girdejisiniň azalmagy tutuş dünýä boýunça marketing çykdajylarynyň hem azalmagyny görkezýär, sebäbi kompaniýalaram, sarp edijilerem global ykdysady pese gaçyşa taýýarlanýar.
Alphabet, Amazon, Meta we Microsoft hem çaklamalardan pes bolan netijeler barada habar berdiler we mahabat girdejileri baradaky çaklamalaryny ýüzlerçe million ýa-da milliardlarça dollar peseltdiler.


03.04.2025 13:46
8k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...

30.03.2025 18:43
15k+

TikTok-y dörediji Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy

ByteDance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy. Bloomberg Billionaires Index indeksine görä, onuň baýlygy 13,6 mlrd dollar artyp, 57,5 mlrd dollara ýetdi. Imin Tencent Holdings kompaniýasynyň...

27.03.2025 14:16
4.4k+

TikTok-yň marketing we mahabat bölüminiň başlygy kompaniýadan gidýär

TikTok-yň global işewürlik çözgütleri bölüminiň başlygy Bleýk Çendli kompaniýany terk edýär diýip, Adweek habar berýär. Bu TikTok-yň 2025-nji ýylyň başyndan bäri işden giden top-menejerleriniň azyndan sekizinjisidir...

24.03.2025 06:30
3.8k+

Perplexity TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär

Perplexity kompaniýasy TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Perplexity-niň meýilnamasyna görä, platforma satyn alnan...