Honda II maliýe çärýeginde arassa girdejisini 14% ýokarlandyrdy

  • 13.11.2022 12:12
  • 3.6k+

Ýaponiýanyň Honda Motor Co ulag serişdelerini öndürijisi 2023-nji maliýe ýylynyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 14% ýokarlandyrdy, ýöne görkeziji analitikleriň çaklaýşy ýaly bolmady diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, iýul – sentýabr aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 166,7 mlrd ýena bilen deňeşdirilende, 189,295 mlrd ýena ($1,3 mlrd) boldy. Analitikler görkezijiniň 205,49 mlrd ýena ýetmegine garaşypdylar.
Geçen çärýek girdeji ýyllyk aňlatmasynda 25% ýokarlanyp, 4,256 trln ýena ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, görkeziji analitikleriň 4,122 trln ýena derejesinde boljakdygy baradaky çaklamalaryndan ýokary boldy.
Kompaniýanyň operasion girdejisi bir ýyl ozalky 198,9 mlrd ýena bilen deňeşdirilende, 231,2 mlrd ýena çenli ýokarlandy.
Iýul – sentýabr aýlarynda awtoulag satuwy bir ýyl ozalky 917 müňden 970 müňe çenli ýokarlandy, motosikl satuwy 4,29 mln birlikden 4,95 mln birlige ýetdi.
Honda şu maliýe ýylynda awtomobil satuwy baradaky çaklamasyny 4,2 mln birlikden 4,1 mln birlige çenli peseltdi. Şeýle-de, kompaniýa motosikl satuwy baradaky ýyllyk çaklamasyna gaýtadan seretdi we indi öň garaşylan 18,56 milliona garşy 18,43 mln bolmagyna garaşýar.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň bazar bahasy 6,1% ýokarlandy we häzir, takmynan, 5,86 trln ýena barabar.


21.03.2026 18:24
3.3k+

Honda 70 ýylyň içinde ilkinji gezek maliýe hasabaty döwrüni zyýan çekmek bilen tamamlaýar

Honda kompaniýasy şu maliýe ýylynyň 420 milliard ýenden 690 milliard ýen aralygynda (2,6 milliard dollardan 4,3 milliard dollara çenli) zyýan çekmeklik bilen tamamlanmagyna garaşýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär...

şu gün 17:02
362

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

düýn 22:44
4.2k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......