Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyzystana gelip görmäge çagyrdy

  • 12.11.2022 06:59
  • 8.3k+

11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy türki dilli döwletleriň arasynda dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy üçin şu gün Türki dünýäniň ýokary ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady.
Duşuşygyň çäklerinde bar bolan mümkinçilikleri we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Taraplar şeýle hem ýokary derejedäki saparlary guramagyň meselelerini maslahatlaşdylar. Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy özleri üçin amatly wagtda Gyrgyzystana gelip görmäge çagyrdy.


şu gün 12:11
5k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......