Daşkentde boks boýunça DÇ-2023-iň ýeňijileri 200 müň dollardan alarlar

  • 09.11.2022 12:06
  • 8.5k+

2023-nji ýylda geçiriljek erkekleriň arasynda boks boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijileri 200 müň dollardan alar. Bu barada Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) prezidenti Umar Kremlew aýtdy diýip, sport-interfax.ru belleýär.

Onuň bellemegine görä, umumy baýrak gaznasy rekord derejeli bolar.

“Taryhda ilkinji gezek biziň rekord derejeli – 5,2 mln dollar möçberinde baýrak gaznamyz bolar. Birinji ýer üçin baýrak 200 müň dollara, ikinji ýer üçin 100 müň dollara, her bir bürünç baýrakçy üçin 50 müň dollara barabar bolar” – diýip, IBA-nyň metbugat gullugy Kremlewiň sözlerini getirýär.

“Daşkentde IBA-nyň erkekleriň arasynda dünýä çempionatynyň iň ýokary derejede geçiriljekdigine, onuň taryhda iň gowularyň biri boljakdygyna ynanýaryn. Men Özbegistanda boldum we boks ýaryşlarynyň nähili gurnalýandygyny gördüm. Ussatlygy we boksa söýgüsi bilen olar köp ýurtlar üçin görelde alarlyk nusga hem bolup bilerdiler. Daşkentde täze çempionlary sylaglamak dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Kremlew belledi.

Ýaryş 1-nji maýdan 14-nji maý aralygynda geçiriler.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....