Katarda futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri tamamlanýar

  • 07.11.2022 14:24
  • 18k+

Futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýän ilkinji arap döwleti bolan Katarda ýylyň esasy sport ýaryşyna taýýarlyk işleri tamamlanýar. Bu barada Anadolu agentligi belleýär.

Dohanyň merkezindäki esasy köçeler, binalar we söwda merkezleri baýdaklar we transparantlar, şeýle-de dünýä çempionatyna gatnaşyjy toparlaryň we futbol ýyldyzlarynyň plakatlary bilen bezelipdir.

“Hyjuwly bol, arzuw et, erjel bol, çagyryş et, oýna” ýazgyly plakatlar bolsa hasam ünsi çekýär.

Katar futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna birnäçe gün galanda ähli zerur taýýarlyk işleriniň we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň tamamlanandygyny habar berdi.
Ýurduň hökümeti howpsuzlygy we futbol janköýerleriniň oýunlara we çärelere gatnaşmagyny ýeňilleşdirmek üçin transport hyzmatlaryna, şol sanda Dohanyň metrosyna elýeterliligi üpjün etmek üçin uly tagallalary etdi.
2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda Katarda 32 toparyň gatnaşmagynda geçiriler. Çempionatyň açylyş oýnunda meýdança Kataryň we Ekwadoryň milli ýygyndylary çykar.


şu gün 10:53
2.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.3k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......