ÝUNESKO-nyň sanawyndaky buzluklaryň üçden bir bölegi 2050-nji ýyla çenli eräp gider

  • 07.11.2022 12:39
  • 12k+

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky buzluklaryň üçden bir bölegi 2050-nji ýyla çenli eräp gider diýip, guramanyň hasabatynda aýdylýar. Howanyň üýtgemegine garşy  hernäçe çäreleriň görülýändigine garamazdan, Kilimanjaro wulkanyndaky, Dolomit Alplaryndaky, Pireneýlerdäki we ABŞ-daky Ýosemit milli seýilgähindäki buzluklary indi halas etmek başartmaz diýip, onuň awtorlary hasaplaýarlar.

Şol bir wagtda buzluklaryň galan üçden iki bölegini, eger ählumumy maýlama bir ýarym gradus Selsiýadan ýokary galmasa, entek saklap galsa bolar.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna jemi 18 600, ýagny dünýädäki her onunjy buzluk girizilendir. Olaryň umumy meýdany — 66 müň inedördül kilometr.
ÝUNESKO-nyň hünärmenleri bu buzluklaryň her ýyl takmynan 58 milliard tonna suwy ýitirýändigini duýdurýarlar. Takmynan şol mukdardaky suwy 12 aýda Ispaniýa we Fransiýa bilelikde ulanýar. Şondan ýaňa deňiz derejesi ýokary galýar, buzluklary süýji suwuň çeşmesi hasaplaýan ýerli ilatyň bolsa onuň gytçylygyndan kösenmegi mümkin.
ÝUNESKO-nyň hemralaryň maglumatlaryna esaslanýan doklady 6-18-nji noýabr aralygynda Müsürde geçjek COP27 klimat sammitiniň öňüsyrasynda çap boldy.


düýn 17:40
4.9k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......