«Apple» Hindistanda eýýäm ikinji kompaniýada iPhone önümçiligine başlady

  • 06.11.2022 11:14
  • 6.3k+

“Apple” Hytaýdaky öz önümçiliklerini Hindistana geçirip başlady. Bu çözgüde diňe bir syýasy ýagdaýlar däl, eýsem, Hytaýda girizilen ýowuz karantin çäklendirmeleri hem täsir edýär.

ferra.ru “Apple” kompaniýasynyň öz taýwanly şertnamalaýyn öndürijisi “Pegatron Corp” bilen “iPhone” toplamak işini Hindistana geçirmek hakynda ylalaşandygyny ýazýar. Çünki ýurtda Premýer-ministr Narendra Modiniň maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksatnamasyna giň gerim berildi.

           Şeýlelikde, “Pegatron” “Apple” kompaniýasynyň iri üpjün edijisi “Foxconndan” soň, Hindistanda “iPhone” öndürmek boýunça ikinji iri kompaniýa öwrülýär.

           Häzirki wagtda “Apple” kompaniýasynyň iri üpjün edijileriniň eýýäm ikisi Hindistanda önümçiligini ýaýbaňlandyrdy. Şunuň bilen birlikde, önümçilik kuwwatlyklaryny “Wistron Corp.” kompaniýasyna geçirmek hem göz öňünde tutulýar.


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....