Delini adam janyna howp salýan duman örtdi

  • 06.11.2022 09:24
  • 21k+

Hindistanyň paýtagty Deli şäherini ýaşamak üçin howply bolan duman örtdi. Howanyň hapalanmak derejesi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň adaty standartyndan 40 esse ýokarlandy. Bu barada BBC-niň maglumatlaryna salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

3-nji noýabrda Delide howanyň PM2,5 derejesi bir kub metrde 588 mikrograma baryp ýetdi. BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda, PM2,5 derejesiniň günlük görkezijisi 15 mikrogramdan geçmeli däl.
Güýzki güýçli dumanyň esasy sebäbi goňşy sebitlerde mekgejöweniň hasylyndan soňky galyndylaryň ýakylmagydyr. Daýhanlar muny ýerleri täze hasyla taýýarlamak üçin edýärler. Mundan başga-da, şäheriň häkimiýetleri howanyň düzümindäki howply bölejikleriň köpelmegini Diwali baýramçylygy bilen baglanyşdyrýarlar. Çünki şol baýramçylykda örän köp möçberde feýerwerkler atylýar.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......