ATP-iň Jemleýji turniriniň ähli gatnaşyjylary belli boldy

  • 05.11.2022 15:16
  • 3721
ATP-iň Jemleýji turniriniň ähli gatnaşyjylary belli boldy

Italiýaly türgen Matteo Berrettini Professional tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) 10-17-nji noýabr aralygynda Londonda geçjek Jemleýji turnirine berlen soňky ýollanmanyň eýesi boldy.

Anna güni fransuz türgeni Gael Monfis Parižde geçen "Masters" seriýasynyň turniriniň çärýek finalynda iki setde Kanadanyň wekili Denis Şapowalowdan asgyn geldi (2:6, 2:6). Monfisiň şowsuzlygy zerarly Berrettini, guramanyň Jemleýji turnirine özüniň gatnaşmagyny kepillendirip, ATP-nyň çempionlyk ýaryşynda sekizinji ýerden aşak düşüp bilmez.
Owal WTA-nyň Jemleýji turnirine gatnaşmak hukugyny ispaniýaly türgen Rafael Nadal, serbiýaly türgen Nowak Jokowiç, şweýsariýaly türgen Rojer Federer, russiýaly türgen Daniil Medwedew, awstriýaly türgen Dominik Tim, grek türgeni Stefanos Sisipas we Germaniýanyň wekili Aleksandr Zwerew dagy gazanypdylar. 
Gatnaşyjylar iki topara bölünerler, her kwartetden iň oňat iki tennisçi ýarym finala çykar.
ATP-nyň Jemleýji turniri 1970-nji ýyldan bäri geçirilýär, 2019-njy ýylda baýrak gaznasy 9 mln dollar boldy.
Geçen ýylyň ýeňijisi Zwerew hasaplanýar, russiýalylardan Jemleýji turnirde 2009-njy ýylda diňe Nikolaý Dawydenko utupdy. 


01.02.2023 11:53
4863

Australian Open gatnaşyjylygy boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň rekordyny täzeledi

2023-nji ýylda tennis boýunça Awstraliýanyň Açyk çempionaty tomaşaçylaryň gatnaşygy boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň rekordyny täzeledi. Bu barada ýaryşlaryň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär...

30.01.2023 15:46
5169

Nowak Jokowiç ATP-nyň reýtinginde birinji ýere geçdi

ATP erkekleriň ýekebara razrýadynda tennisçileriň reýtinginiň täzelenen görnüşini çykardy. Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Awstraliýanyň Açyk çempinatynda gazanan ýeňşinden soň, ýene-de dünýäniň birinji raketkasy...

29.01.2023 22:36
3927

Jokowiç onunjy gezek Australian Open-iň ýeňijisi boldy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Melburnda geçirilen Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) final oýnunda gresiýaly Stefanos Sisipasdan üstün çykdy. Duşuşyk 6:3, 7:6 (7:4), 7:6 (7:5) hasabynda ýaryşda...

29.01.2023 12:03
6796

Belarusly Sobolenko Australian Open 2023-de ýeňiji boldy

Belarusly Arina Sobolenko “Uly tuwulganyň” Australian Open-2023 tennis ýaryşynyň finalynda Gazagystanyň wekili Ýelena Rybakinany utdy. Melburndaky duşuşyk 2 sagat 28 minut dowam edip, 4:6, 6:3, 6:4 hasabynda tamamlandy...