UEFA aýallaryň Milletleriň ligasynyň döredilendigini yglan etdi

  • 04.11.2022 22:41
  • 4.6k+

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) aýallaryň Milletleriň ligasynyň döredilendigini yglan etdi. Bu turniriň final tapgyry Olimpiýada üçin kwalifikasiýa bolar diýip, guramanyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

«Biz açyk, bäsdeşlige ukyply we üznüksiz ulgamy döretdik, onda her oýun wajyp bolar» — diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin nygtady.

Täze format ilkinji gezek Ýewropa çempionaty – 2025-iň öňýany ulanylar. 2023-nji ýylyň güýzünden başlap ýaryşlaryň täze ulgamy Milletler ligasyny ýewropa hünär derejesi bilen birleşdirer. Diwizionlaryň arasynda ondan-oňa geçmek — klaslary beýgeldiler we peseldiler, şeýle hem Milletler ligasynyň final turniri guralar. Ýaryşda her gruppasy dört topardan ybarat üç dereje saýlanylar. Milletler ligasynyň jemleri boýunça dört ýyldan bir gezek üç ýewropa topary kesgitlener, olar tomusky Olimpiada ýollanma alarlar.

Ýewropa hünär derejesini kesgitlemek geçirilenden soň, gutarnykly sanaw düzüler. Haýsy toparlaryň Ýewropanyň birinjiligine we gönüden-göni dünýäniňkä düşjegini, haýsylarynyň bolsa hünär derejäni kesgitlemegiň sepgit turnirlerinde çykyş etmeli boljakdygyny şol kesgitlär. 

 


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......