Samsung Galaxy A14 hakyndaky täze maglumatlar peýda boldy

  • 04.11.2022 22:35
  • 34k+

Samsung kompaniýasy býujet Galaxy A13 smartfonynyň yzbasaryny taýýarlaýar. Samsung Galaxy A14 5G modeli hakynda käbir jikme-jiklikler owal torda görnüp ugrapdy, indi bolsa GalaxyClub gory taýýarlanylýan täze smartfonyň häsiýetnamalarynyň ýene bir toparyny aýdyňlaşdyrdy.

Şol maglumatlara laýyklykda, Samsung  Galaxy A14 50-Mp-lyk esasy kamera eýe bolar we gurluşyň şekilinden çen tutsaň, kameranyň moduly üç görnüşli bolar. Öň tarapky kamera barada aýdylanda, ol 13-Mp bolar we özünden öňki 5-Mp ýa-da 8-Mp selfi-kameraly (degişlilikde 4G we 5G wersiýalarynda) Galaxy A13 bilen deňeşdirilende, kämilleşdirilendir.  
Mundan hem başga, smartfonyň sygymy 5000 mAç (EB-BA 146ABY) bolan akkumulýatora eýe boljakdygyny çeşme habar berdi. Täze smartfonyň beýleki bolup biläýjek häsiýetnamalaryndan 6,8 dýumlyk ekranlydygy, Mali G52 we 4 GB ýa-da 6 GB OZU grafiki prosessorly SoC Media tek Helio G80-digi  belli. Onsoňam Samsung Galaxy koreý kompaniýasynyň öňünden A14 5G OC Android 13 oturdylan (täze One UI 5 interfeýsi onuň üstüni ýetirer) ilkinji apparatlarynyň biri bolup biler. Smartfonyň anonsy şu ýylyň aýagyna çenli geçer, onuň bahasy bolsa 230 ýewro töweregi bolar diýip, çeşme çaklaýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...