Saudi Aramco-nyň çärýek girdejisi 39% ýokarlandy

  • 04.11.2022 12:23
  • 3.6k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet kompaniýasynyň III çärýekde arassa girdejisi 42,4 mlrd dollar boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan ($30,4 mlrd) 39,5% köpdür. Bu barada kompaniýa salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Ikinji çärýekde kompaniýa 48,4 mlrd dollar arassa girdeji aldy. Şeýlelik bilen, aprel – iýun aýlaryna çenli görkeziji 12,4% peseldi.
Operasion işden gelýän pul serişdeleri 2021-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, 1,5 esse ýokarlanyp, 54 mlrd dollar, boş pul akymy bolsa ýyllyk aňlatmasynda 1,6 esse ýokarlanyp, 45 mlrd dollar boldy.
Saudi Aramco-nyň üçünji çärýekde kapital çykdajylary ikinji çärýege garanyňda 4,2% peselip, 9 mlrd dollar boldy. Ýöne 2021-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, ol 19% ýokarlandy.
Üçünji çärýekde uglewodorod önümçiliginiň möçberi bir günde 14,4 mln barrel nebit ekwiwalentine deň boldy (ikinji çärýekde – 13,6 mln bne/g). Geçen ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda uglewodorod önümçiligi 12,9 mln bne/g barabar boldy.
Saudi Aramco üçünji çärýekde geçen çärýek üçin 18,8 mlrd dollar möçberinde diwidend töledi. Üçünji çärýek üçin kompaniýa 18,8 mlrd dollar tölemegi meýilleşdirýär.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...