Maks Werstappen Niderlandlaryň iň baý 500 adamynyň hataryna goşuldy

  • 04.11.2022 12:24
  • 4.5k+

“Formula-1-iň” “Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen Niderlandlaryň iň baý 500 adamynyň sanawyna girdi. Bu barada Quote habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Werstappen sanawa ilkinji gezek girip, 120 mln dollar gazanmak bilen 500-nji orunda ýerleşdi. Mundan başga-da, 25 ýaşly ýaryşa gatnaşyjy sanawyň taryhynda topa goşulan iň ýaş adam boldy.
Ol “Formula-1-iň” iki gezek çempionydyr. Ýekşenbe güni ol Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, bir möwsümde gazanan ýeňişleriniň sany boýunça Mihael Şumaheriň we Sebastýan Fetteliň rekordyny täzeledi.


17.01.2026 08:22
2.7k+

«Red Bull» uçaryň kömegi bilen 2026-njy ýyldaky «Formula-1» möwsümi üçin ulagyny tanyşdyrdy

«Formula-1-iň» «Red Bull» topary 16-njy ýanwarda Detroýtda (ABŞ) geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde 2026-njy ýyl möwsümi üçin öz ulagynyň täze dizaýnyny görkezdi. Dabaranyň gahrymanlarynyň biri 47 ýaşly çehiýaly uçarman we Çehiýanyň HHG-siniň öňki uçarmany, 2018-nji ýylda Red Bull Air Race-iň çempiony Martin Şonka boldy...

08.01.2026 21:00
3.3k+

«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär

Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular...

11.12.2025 09:30
3.6k+

“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen we “Ferrariniň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Maklarenden” täze çempion Lando Norrisiň titul üçin uly bonus alandygyna garamazdan, 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” sürüjileriniň gazanç reýtinginde ilkinji iki orny eýeledi...

08.12.2025 14:19
6.9k+

«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris «Formula-1» möwsüminiň soňky tapgyrynyň – Abu-Dabiniň Gran-prisiniň jemi boýunça karýerasynda ilkinji gezek çempion boldy. Ýaryş ýekşenbe güni tamamlandy. Ýiti dartgynlylyk ahyryna çenli saklandy, çünki 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek titula birbada üç gatnaşyjy dalaş etdi...