“Formula-1-iň” sürüjileri näçe näçe gazanýar? Norris çempion bolsa-da, Werstappen bilen Hemiltondan ep-esli az aldy

  • 11.12.2025 09:30
  • 3.6k+

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen we “Ferrariniň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Maklarenden” täze çempion Lando Norrisiň titul üçin uly bonus alandygyna garamazdan, 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” sürüjileriniň gazanç reýtinginde ilkinji iki orny eýeledi. Forbes ýaryşa gatnaşyjylaryň girdejilerini olaryň esasy töleglerini we dürli bonuslaryny göz öňünde tutup hasaplady.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Werstappen şu möwsümde 76 mln dollar (65 mln dollar – zähmet haky, 11 mln dollar – bonus) gazandy. Hemiltonyň girdejisi 70,5 mln dollar (70 mln dollar – zähmet haky, 0,5 mln dollar – bonus) diýlip hasaplanýar. Ol möwsümi şahsy sanawda altynjy orunda tamamlady we 44 ýylda tutuş möwsümde bir gezek hem münbere çykmadyk ilkinji sürüji bolup, “Ferrariniň” antirekordyny goýdy.
Şu ýyl karýerasynda ilkinji çempionlyk titulyny gazanan “Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 57,5 mln dollar bilen üçlügi jemledi. Onuň zähmet haky 18 mln dollar bolup, 39,5 mln dollar möçberde bonus gazandy. Şolardan 10 mln dollary çempionatdaky ýeňiş üçin berildi.
Iň köp girdeji gazanan sürüjileriň bäşligine 36,5 mln dollar (10 mln dollar – zähmet haky, 27,5 mln dollar – bonus) bilen Norrisiň topardaşy Oskar Piastri we 30 mln dollar (tutuş mukdar – zähmet haky, bonussyz) bilen “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler hem girdi.
Forbes boýunça 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” sürüjileriniň gazanç reýtingi:

  • ·Maks Werstappen (Red Bull) – 76 mln dollar;
  • ·Lýuis Hemilton (Ferrari) – 70,5 mln dollar;
  • ·Lando Norris (Maklaren) – 57,5 mln dollar;
  • ·Oskar Piastri (Maklaren) – 36,5 mln dollar;
  • ·Şarl Lekler (Ferrari) – 30 mln dollar;
  • ·Fernando Alonso (Aston Martin) – 26,5 mln dollar;
  • ·Jorj Rassell (Mersedes) – 26 mln dollar;
  • ·Lans Stroll (Aston Martin) – 13,5 mln dollar;
  • ·Karlos Saýns (Uilýams) – 13 mln dollar;
  • ·Andrea Kimi Antonelli (Mersedes) – 12,5 mln dollar. 

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....