Sony ýarymýyllyk arassa girdejisini 13,5% ýokarlandyrdy

  • 03.11.2022 13:33
  • 4.4k+

Maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (30-njy sentýabrda tamamlandy) Ýaponiýanyň Sony korporasiýasy arassa girdejisini 13,5% artdyrdy, bu hem oňa ýyllyk çaklamasyny gowulaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň aprel-sentýabr aýlarynda arassa girdejisi bir ýyl ozalky 424,94 mlrd ýena garşy 482,16 mlrd ýena ($3,26 mlrd) boldy. Operasion girdeji 8,8% - 598,5 mlrd ýena bilen deňeşdirilende 651 mlrd ýena çenli ýokarlandy.
Girdeji 9,3% ýokarlanyp, 5,06 trln ýena ýetdi.
Ikinji maliýe çärýeginde Sony arassa girdejisini 24% – bir ýyl ozalky 213,11 mlrd ýena bilen deňeşdirilende 263,96 mlrd ýena çenli ($1,77 mlrd) ýokarlandyrdy. Analitikler ortaça 218,5 mlrd ýena bolmagyny çaklapdylar. Iýul – sentýabr aýlarynda girdeji 16% - 2,752 trln ýena çenli ýokarlandy.
Sony 2023-nji ýylyň mart aýynda tamamlanjak maliýe ýylynyň jemi boýunça arassa girdejiniň 4,8% azalyp, 840 mlrd ýena bolmagyny, girdejiniň bolsa 17% ýokarlanyp, 11,6 trln ýena ýetmegini çaklaýar.
2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 30,6% (12,1 trln ýena çenli) azaldy, Nikkei 225 fond indeksi bolsa bary-ýogy 3,9% ýitirdi.


16.02.2026 20:41
3.1k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

01.02.2026 16:20
3.5k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy...

02.06.2025 14:02
5.6k+

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz...

26.02.2025 15:14
5.4k+

Sony Ýaponiýada ikinji iri kompaniýa boldy. Birinji - Toyota

Sony Group Corporation Ýaponiýada ikinji uly kompaniýa öwrüldi. Häzir onuň kapitalizasiýasy 152,36 mlrd dollar bolup, diňe Toyota kompaniýasyndan yza galýar. 1946-njy ýylda Tokyo Tsushin Kogyo ady bilen döredilen...