Pfizer-iň III çärýekde girdejisi çaklamalardan ýokary boldy

  • 03.11.2022 11:59
  • 4.2k+

Pfizer Inc. amerikan farmasewtik kompaniýasy üçünji çärýekde arassa girdejisini 5,7% ýokarlandyrdy, şol bir wagtyň özünde düzedilen görkeziji we girdeji çaklamadan gowy boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, iýul – sentýabr aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 8,146 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,42 dollar bilen deňeşdirilende, 8,608 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,51 dollar boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan düşewünt paý üçin 1,27 dollardan 1,78 dollara çenli ýokarlandy.
Girdeji 5,8% - bir ýyl ozalky 24,035 mlrd dollardan 22,638 mlrd dollara çenli peseldi. Hünärmenler düzedilen girdejiniň 21,07 mlrd dollar girdejide paý üçin 1,39 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Pfizer şu ýyl üçin paý üçin düzedilen girdeji baradaky çaklamasyny öň garaşylan 6,3-6,45 dollardan 6,4-6,5 dollara çenli ýokarlandyrdy. Girdejiniň bolsa 99,5-102 mlrd dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Soňky üç aýda kompaniýanyň bazar bahasy 6,3%, 266,2 mlrd dollara çenli peseldi.

düýn 23:59
1.5k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

düýn 13:09
7.6k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
2.1k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....