Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet gurluşynyň bozulmagyna garşy kanunçylyk böwetlerini goýmaga çagyrdy

  • 02.11.2022 12:49
  • 29k+

1-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet gurluşynyň bozulmagyna garşy berk kanunçylyk böwetlerini goýmagyň zerurdygyny belledi.

Hususan-da: “Dünýädäki ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe halkara hukugyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda, hukugyň inkär edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ähmiýetiniň peseldilmegine garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek talap edilýär. Parlament diplomatiýasy häzirki döwürde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guralyna öwrülmelidir. Onuň esasy maksady, many-mazmuny we wezipesi şundan ybaratdyr. Biziň işimiz hut şeýle görnüşde örän wajypdyr” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzdaky içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. Ekstremizmiň we radikalizmiň ýüze çykmagyna, döwlet gurluşynyň bozulmagyna, kemsidilmegine synanyşyklara, jemgyýetçilik aňyna ýalan gymmatlyklaryň, pikirleriň ornaşdyrylmagyna garşy berk kanunçylyk böwetlerini goýmak zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar köpçüligine ýüzlenmek, sagdyn, döredijilikli pikirleri kemala getirmäge gönükdirilen düýpli düşündiriş işlerini geçirmek, ýetginjeklerde hem-de gyzlarda watançylyk, Watany söýmek, öz ýurduňa dahyllydygyňa buýsanmak duýgularyny terbiýelemek wajypdyr.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......