Google awatarlary döretmek boýunça Alter startapyny satyn aldy

  • 01.11.2022 19:12
  • 6.6k+

Google amerikan kompaniýasy Alter startapyny satyn aldy. Ol emeli intellektiň kömegi bilen awatarlary döredýär diýip, “TechCrunch” neşiri habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. Şertnamanyň şertleri bilen tanyş bolan çeşme onuň bahasynyň 100 mln dollara barabardygyny habar berdi. Google kompaniýasynyň wekili şertnama baradaky maglumaty tassyklady, ýöne meseläniň maliýe tarapyna teswir bermekden ýüz öwürdi.

Çeşmäniň habaryna görä, şertnama iki aý mundan öň baglaşyldy, ýöne kompaniýa ony aýan etmedi. Muňa garamazdan, Alter-iň käbir top menejerleri Google-y iş orny hökmünde görkezmek bilen LinkedIn profilini üýtgetdiler.
Neşiriň söhbetdeşi bu satyn alşyň IT ägirdine TikTok serwisi bilen bäsleşmäge kömek etjekdigini belleýär.
Alter Facemoji ady bilen işe başlady we programmalara we oýunlara awatarlary ornaşdyrmak üçin plug-and-play tehnologiýalaryny hödürledi. Startap Play Ventures, Roosh Ventures we Twitter ýaly maýadarlardan başlangyç maliýeleşdirme hökmünde 3 mln dollar aldy.


29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...