Hytaýyň BYD-synyň arassa girdejisi 350% artdy

  • 01.11.2022 13:56
  • 10k+

Hytaýyň iň iri elektromobil öndürijisi BYD ýylyň üçünji çärýeginde öz arassa girdejisiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 350% artandygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň wekillerine salgylanýan Reýter ýazýar. BYD-yň arassa girdejisi bir çärýegiň dowamynda iýul-sentýabr aralygynda 5,72 mlrd ýuana (788,75 mln dollara) ýetdi, başky dokuz aýyň içinde bolsa ol 281% köpeldi diýip, habarda aýdylýar.

Doly elektrikleşdirilen we gibrid BYD awtoulaglarynyň jemi söwdasy 1,2 mln sany boldy, bu bolsa 250% ösüşi görkezýär.
Şonuň bilen birlikde, şol wagt içinde elektromobilleriň segmenti umuman diňe 110% artdy. Hytaý bazary barada aýdylanda bolsa, 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde BYD ol ýerde 258 610 arassa elektromobili ýerledi. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, şol döwür içinde Teslanyň tutuş dünýä boýunça netijesi 343 800 sanydyr. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....