Apple önümçiligini kemeldýär we ilkinji gezek iPhone 14 Pro Pro/Pro Max-yň bahasyny arzanladýar

  • 01.11.2022 13:48
  • 23k+

TrendForce seljeriş kompaniýasy özüniň soňky barlag hasabatynda iPone 14 Pro-nyň söwdasynyň görkezijileriniň gowudygyna garamazdan, puluň hümmetiniň gaçmagy we dünýäniň ykdysady ýagdaýynyň kesgitsizligi smartfonlaryň hatarynyň satuwyna täsirini ýetirip,  ýyl hasaby boýunça onuň pese gaçmagyna getirendigini mälim etdi.

Üstesine, üpjünçilik zynjyrynyň deňine birnäçe çeşmesinden owal habar berlen önümçilikdäki gysgaltma diňe bir iPone 14 we iPhone 14 14 Plus-a degişli bolman, eýsem, iPhone 14 Pro Pro/Pro Max-yň hem girýändigini çeşme habar berýär.
Ondan hem başga, şu hepde Apple China-nyň wekilleriniň iPhone 14 Pro-nyň we iPhone 14 Pro Max-yň bahalarynyň resmi onlaýn dükanynda ilkinji gezek arzanladylýandygyny mälim edendikleri habar berilýär.
Apple kompaniýasynyň başlygy Tim Kuk geçen hepde iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max smartfonlarynyň öňdebaryjy modellerine bildirilýän ýokary islegi kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelip bilmändiklerini  mälim etdi.
Täze smartfonlar şeýlebir meşhur welin, hatda kompaniýa iPhone 14 Pro-nyň we iPhone 14 Pro Max-yň ýeterlik mukdaryny öndüribem ýetişmeýär. Şeýle-de, Apple täze şaý böleklerini hem häzirlikçe çäkli iberýär we bu meseläni işjeňlik bilen çözmäge çalyşýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...