Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşi bilen telefonda gürleşdi

  • 01.11.2022 00:54
  • 6.2k+

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika  hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda  Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar. Umumy pikire görä, bu uly möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berip, parahatçylygyň, durnuklylygyň baş şertini emele getirer.
Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýakyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de berkitmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly kanunçylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......