Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Seuldaky pajygaly ýagdaýlar zerarly gynanç bildirdiler

  • 31.10.2022 09:41
  • 26k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherindäki pajygaly basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç bildirdiler.

Döwlet Baştutany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdiler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.
Ýeri gelende bellesek, 29-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Seul şäheriniň Ithewon etrabynda Hellowin baýramynyň şanyna guralan oturylyşyklardan soňra, pajygaly basa-baslyk emele gelip, onuň netijesinde aradan çykan adamlaryň sany 154-e ýetdi. Şolaryň 26-sy daşary ýurtly raýatlardyr. Bu pajygaly ýagdaý zerarly, Prezident Ýun Sok Ýol ýurtda milli matam çäresini yglan etdi.


12.06.2022 13:02
52k+

Türkmenistan ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikelder

11-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi...

düýn 18:39
2.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.1k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......