Türkmenistan ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikelder

  • 12.06.2022 13:02
  • 52k+

11-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda, M.Çakyýew ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
“Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag toplumynyň bu möhüm ugrunda işleri has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.


27.04.2026 10:50
12k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
73k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
5k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
18k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....