Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III mejlisi 2023-nji ýylyň oktýabrynda geçiriler

  • 30.10.2022 14:11
  • 5.4k+

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, assosiasiýanyň nobatdaky III mejlisini 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirmek barada çözgüt kabul edildi.

Degişli karar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda geçirilen II mejlisiniň dowamynda kabul edildi.


27.10.2025 12:29
7.4k+

Türkmen alabaýynyň keşbini şekillendirmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň barşynda alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi...

27.10.2025 11:47
44k+

Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanan Wepaly atly alabaý itiniň eýesine Toyota Camry V6 berildi

2025-nji ýylda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijeleri 26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde yglan edildi...

09.10.2025 11:34
7.6k+

26-njy oktýabrda Aşgabatda "Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik geçiriler

26-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçiriler. Şeýle hem türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly...

28.10.2024 10:02
8.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti iki sany itşynasa hormatly atlary dakdy

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama...