Superkompýuter DÇ-2022-niň ýeňijisini kesgitledi

  • 30.10.2022 13:19
  • 19k+

Superkompýuter 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýeňiş gazanjakdygyny çaklady. Bu barada BCA Research-iň gözlegine salgylanyp, “FourFourTwo” futbol neşiri habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Gözleg netijelerine laýyklykda, final duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy Portugaliýanyň milli topary bolar. Şoňa görä-de, toparlaryň liderleri bolan “Altyn topuň” ýedi gezek eýesi argentinaly Lionel Messi bilen bu baýragyň bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldunyň arasyndaky duele garaşylýar.
Esasy we goşmaça wagt deňme-deň tamamlanar, ýeňiji bolsa 11 metrlik urgy tapgyrynda kesgitlener.
Gözleg EA Sport FIFA simulýatoryndan oýunçylaryň statistikasyna esaslanýar, şeýle-de soňky dört dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň 192 oýny we pleý-offunyň 64 duşuşygy göz öňünde tutuldy.
Katardaky dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.
Häzirki dünýä çempiony Fransiýanyň milli ýygyndysy bolup, ol 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen DÇ-de ýeňiş gazandy. Argentina – iki gezek dünýä çempiony we iki gezek kümüş baýrakçy. 2014-nji ýylda onuň düzüminde Messi kümüş baýragyň eýesi boldy. Dünýä çempionatlarynda Portugaliýanyň iň ýokary üstünligi 1966-njy ýyldaky DÇ-de bürünç baýraga mynasyp bolmagydyr.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....