Forbes: Sukerbergiň baýlygy Meta-nyň paýnamalarynyň pese gaçmagy bilen $11 mlrd azaldy

  • 30.10.2022 13:09
  • 5k+

Meta korporasiýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň baýlygy çärýek hasabatynyň neşir edilmegi esasynda kompaniýanyň paýnamalary ep-esli pese gaçandan soň 11 mlrd dollar azaldy. Bu barada "Forbes" žurnaly habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, indi Sukerbergiň baýlygy 36 mlrd dollara barabar. Telekeçi dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 25-nji orundan 29-njy orna düşdi. Žurnal geçip barýan ýyl Sukerberg üçin "gowy bolmady" diýip baha berýär. Pandemiýa döwründe Meta-nyň paýnamalary ep-esli ýokarlanyp, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda iň ýokary derejesine ýetdi. Netijede, Sukerbergiň baýlygy 136,4 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şondan bäri paýnamalaryň bahasy 74% arzanlady, Facebook-y esaslandyryjy bolsa, takmynan, 100 mlrd dollar ýitirdi.
"Financial Times" gazetiniň ýazmagyna görä, Meta 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde gowşak netijeler sebäpli bazar kapitallaşdyrmasynyň 19%-ini ýitirdi. Üçünji çärýekde arassa girdejiniň ýyllyk aňlatmasynda 52%, 4,4 mlrd dollara çenli azalmagy maýadarlaryň kompaniýanyň  paýnamalaryň gowşamagy netijesinde 65 mlrd dollardan gowrak azalan paýdarlar kapitalyna gatnaşmakdan "köpçülikleýin gitmegine" getirdi.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

18.03.2026 09:46
4.4k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...