Audi 2026-njy ýyldan «Zauber» bilen strategiki hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

  • 29.10.2022 07:48
  • 3.6k+

Audi nemes kompaniýasy 2026-njy ýyldan başlap «Formula-1-de» «Zauber» toparynyň strategik hyzmatdaşy bolar diýip, «patyşalyk ýaryşlarynyň» saýtynda habar berilýär.

Awgust aýynda nemes öndürijisi güýç agregatlary bilen üpjün ediji hökmünde «Formula-1-e» goşuljakdygyny mälim etdi. Audi 2026-njy ýyldan, täze motor reglamenti güýje girende çempionatda çykyş edip başlar. Audi nemes şäheri Noýburgda bazasynda öz güýç agregatyny döreder, ol ýerde eýýäm 120-den gowrak adam taslamanyň üstünde işleýär, «Zauber» bolsa şweýsar Hinwilindäki ştab-kwartirada öz çapyşyk awtoulagyny öndürer. Şeýle-de «Zauber»  çapyşyk operasiýalarynyň meýilleşdirilişine we geçirilişine jogap berýär. 

«Biziň «Formula-1-däki» iri taslamamyz üçin şeýle tejribeli we başarjaň hyzmatdaşyň tapylanyna juda begenýäris. Öňki hyzmatdaşlygymyzdan çen tutup, ultrahäzirkizaman enjamlary we tejribeli topary bolan Sauber Group bilen bilelikde biz güýçli topary döretjekdigimize ynanýarys» — diýip, «Formula-1-iň» maksatnamasyna jogapkär, Audi-niň edarasynyň agzasy Oliwer Hoffmann mälim etdi.

2023-nji ýyldan soň Alfa Romeo kompaniýasy «Zauber» bilen «Formula-1»-däki hyzmatdaşlygyny tamamlar. Topar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli «Ferrari»-niň güýç agregatlaryny ulanmagyny dowam eder.


şu gün 08:11
776

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....