HBS: Apple 16 dýuým ekranly iPad-y işläp düzýär

  • 27.10.2022 18:11
  • 6.1k+

Apple kompaniýasy ekranynyň diagonaly 16 dýuým bolan täze iPad-y işläp düzmäge girişýär. Bu barada The Information portaly çeşmelere salgylanyp habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýada 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň iň uly planşetini hödürläp bileris diýip umyt bildirilýär.
Häzirki wagtda Apple planşetleriniň ekranynyň iň uly diagonaly 12,9 dýuýma ýetýär. Portalyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda diagonaly 16 dýuým bolan ekran MacBook üçin iň ýokary ölçegdir. Şeýlelik bilen, meňzeş ölçegli planşeti döretmek önümleriň bu iki hatarynyň arasyndaky tapawudy hasam azaldar.


17.12.2025 15:52
2.7k+

«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy

Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi...

15.12.2025 14:52
1.2k+

ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy

Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

11.12.2025 18:33
2.6k+

Google we Apple Android bilen iOS-yň arasynda geçişi bilelikde ýönekeýleşdirer

Google we Apple tehnologiýa kompaniýalary Android bilen iOS operasion ulgamlarynyň arasynda geçmek prosesini ýönekeýleşdirmegiň üstünde işleýär. Kompaniýalar enjamlaryň we hyzmatlaryň biri-biri bilen gabat gelijiligini ýokarlandyryp, smartfon çalşylanda maglumatlaryň aňsat geçirilmegini üpjün eder...