Coca-Cola çärýekleýin arassa girdejisini 14% ýokarlandyrdy

  • 27.10.2022 17:39
  • 5.6k+

Dünýäniň iň uly alkogolsyz içgileri öndürijisi Coca-Cola Co. 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 14% artdyryp, şu ýyl üçin çaklamasyny hem ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Iýul – sentýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 2,471 mlrd dollara ýa-da paý üçin 57 sente garşy 2,825 mlrd dollar ýa-da paý üçin 65 sent boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan düşewünt 7% - paý üçin 69 sente çenli ýokarlandy.
Girdeji 10,2% ýokarlanyp, 11,063 mlrd dollara ýetdi. Organiki öşüş 16% boldy.
Geçen çärýek Coca-Cola-nyň Demirgazyk Amerikada girdejisi 21%, EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) 4%, Latyn Amerikasynda 12%, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 4% ýokarlandy.
Natural aňlatmada satuw möçberi ýyllyk hasabynda 4% ýokarlandy. Şol sanda gazly içgileriň satuwy, esasan, Hindistanyň, Meksikanyň we Hytaýyň hasabyna 3% ýokarlandy. Şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy üýtgemedi, suwuň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy bolsa 7% ýokarlandy.
Coca-Cola 2022-nji ýylyň jemi boýunça paý hasabynda düzedilen girdejiniň 6-7% ýokarlanmagyna garaşýar. Şeýle-de, kompaniýa girdejiniň organiki ösüşiniň öň çaklanan 12-13%-e garşy 14-15% bolmagyny göz öňünde tutýar.
2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 2,8%, 242 mlrd dollara çenli peseldi.

şu gün 08:37
5.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......