Puma-nyň arassa girdejisi we girdejisi III çärýekde ýokarlandy

  • 27.10.2022 13:01
  • 2.7k+

Germaniýanyň sport harytlaryny öndüriji Puma SE kompaniýasy 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini we girdejisini ýokarlandyrdy, ýöne çig malyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli girdejililigiň peselendigini habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, iýul – sentýabr aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 143,8 mln ýewrodan 146,4 mln ýewro çenli artdy. Hasabat döwründe salgyt we göterim töleglerinden öň düşewünt (EBIT) bir ýyl ozalky 229 mln ýewrodan 258 mln ýewro çenli ýokarlandy. Puma-nyň girdejisi bir ýyl ozalky 1,9 mlrd ýewrodan 2,35 mlrd ýewro çenli ýokarlandy.
Analitikler kompaniýanyň düşewündiniň 2,3 mlrd ýewro girdejide 163 mln ýewro derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Şol bir wagtyň özünde, umumy girdejililik çig malyň we harytlary daşamak hyzmatlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli 46,8%-e çenli azaldy. Şeýle-de, Ukrainadaky wakalar, global energetika çökgünligi we Hytaýdaky çäklendiriji çäreler hem ýaramaz täsir etdi.
Muňa garamazdan, Puma-nyň ýolbaşçylygy 2022-nji ýyl üçin çaklamasyny tassyklady. Kompaniýa EBIT-iň 600 – 700 mln ýewro aralygynda bolmagyna we walýutanyň üýtgemegini hasaba almazdan girdejiniň 15-17% ösmegine garaşýar.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy iki esseden gowrak (57%), 6,68 mlrd ýewro çenli peseldi.

düýn 19:06
985

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.3k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......