Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara forumy geçirilýär

  • 26.10.2022 17:31
  • 10k+

26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen Milli nebitgaz Kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda  «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Forum ýüzlerçeden gowrak adamlary, şol sanda 45-e ýakyn ýurtlardan wekilleri bir ýere jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we ýurt derejesinde senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan tanyşdyrmalar, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.
Şu ýyl sergi zalynda eksponatlaryň 40-dan gowragy, olaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 10-dan gowragy, hususan-da, Azerbaýjan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Ýaponiýadan we beýlekilerden wekiller diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahatynda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurtly maýadarlary çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak we täzelerinde gazylyp alnyşyny işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.   
Şeýle hem plenar mejlisiň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, “SOCAR”-yň prezidenti Rowşan Najaf, Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani we sanly ulgam arkaly «CNPC» kompaniýasynyň prezidenti  Hou Sziszýun, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) sebit direktory doktor Binu Partan, Energetika Hartiýasynyň baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler. 
Soňra maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlisler boýunça dowam etdirildi.  
27-28-nji oktýabrda maslahat öz işini “Türkmenistanyň energetika toplumy: gury ýerde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gazhimiýa babatda täze maýa goýum mümkinçilikleri”, “Energiýanyň täze döwri: içerki we sebitleýin ösüş üçin sepgitler”, “Uglewodorodlary öndürmekde ekologik meseleler”, “Innowasion tehnologiýalar. Nebitgaz ugrundan ylym-bilim babatda täzeçillikler (nou--hau)” atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdirer. Onuň barşynda meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşylar.
Forum 26-28-nji oktýabr aralygynda, 3 günläp dowam eder.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......